This is a cached version of https://tk.wikipedia.org/wiki/BANK from 2/28/2026, 4:03:27 PM.
BANK: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut - Wikipediýa
Bank (italýança banco — oturgyç, tagta ýa-da teňňeleri goýmak üçin ulanylýan stoluň ady) — ýörite rugsatnama (lisenziýa) esasynda işleýän täjirçilik-karz maliýe guramasy bolup, kanun arkaly kesgitlenen maliýe mümkinçilikleri we çäklendirmeleri bardyr. Häzirki wagtda bank, adatça, hukuk şahsy bolup,
Mazmuna geçiň Ýardam Wikipediýa, erkin ensiklopediýa Browse history interactivelyAllanur77 (gürleşme | goşantlar)1 779 edityzyna alContent deleted Content addedWizualWikitekstInline 06:43, 5 ýanwar 2025 senesindäki wersiýa üýtgetDidarr98 (gürleşme | goşantlar)37 edits 12:39, 25 ýanwar 2025 senesinde sahypanyň iň soňky wersiýasy üýtget yzyna alAllanur77 (gürleşme | goşantlar)1 779 editBellik: 2017 source edit Setir 45: Setir 45: Bank işi esasan italiýalylar we ýewreýler tarapyndan alnyp barylypdyr. Bu ýagdaý olaryň orta Bank işi esasan italiýalylar we ýewreýler tarapyndan alnyp barylypdyr. Bu ýagdaý olaryň orta asyr söwda we ykdysadyýetinde möhüm orun eýelemegine mümkinçilik beripdir. asyr söwda we ykdysadyýetinde möhüm orun eýelemegine mümkinçilik beripdir. ==Çeşme== {{stub}} 12:39, 25 ýanwar 2025 senesinde sahypanyň iň soňky wersiýasy Bank (italýança banco — oturgyç, tagta ýa-da teňňeleri goýmak üçin ulanylýan stoluň ady) — ýörite rugsatnama (lisenziýa) esasynda işleýän täjirçilik-karz maliýe guramasy bolup, kanun arkaly kesgitlenen maliýe mümkinçilikleri we çäklendirmeleri bardyr. Häzirki wagtda bank, adatça, hukuk şahsy bolup, onuň esasy maksady girdeji gazanmakdyr. Taryhy[düzet | çeşmäni düzet] Gadymy döwür Ýokary göterim bilen karz berýän bergidarlar gadymy döwürlerde peýda bolupdyr. Bank işi b.e. öň VIII asyrda Wawilonda hem hereket edipdir. Wawilon söwdagärleri "gudu" (hudu) ady bilen belli bank bileti bilen tanyş bolup, ol altyn bilen deň hukukly aýlanşykda bolupdyr. Gadymy Gresiýada "trapezitler" (τραπεζίται, trapeza — stoluň ady) goýumlary kabul edip, müşderileriň adyndan tölegleri amala aşyrmagy maksat edinipdirler. Olar gymmatly resminamalary, şertnamalary we jedelli serişdeleri hem saklamak üçin kabul edipdirler. Grek bankirleri özlerine ynanylan serişdeleri göçme emläk, gullar, jaýlar we ýerler garşysyna karz beripdirler. Hususy bankirlere güýçli bäsdeş bolan gadymy grek ybadathanalary öz hazynalaryndan hususy şahslara we jemgyýetçilik taslamalaryna uly mukdarda karz beripdirler. Ybadathanalaryň hazynalarynyň eldegrilmesizligi, olaryň hususy şahslardan, hökümdarlardan we şäherlerden uly goýumlary çekmegine mümkinçilik beripdir. Emma bu goýumlaryň aýlanyşykda ulanylyp-ulanylmandygy ýa-da olaryň göterim bilen tölenip-tölenmändigi barada anyk maglumat ýokdur. Gadymy Rimde bankirlere mensariýalar (mensarii) we argentariýalar (argentarii) diýilýärdi. Mensariýalar ýa-da mensalariýalar, grek sözi τραπεζίται-dan göçürme bolup, olar goýumlary kabul edip, müşderileriň serişdelerini dolandyrmaga kömek edýärdiler. Argentariýalar bolsa goýumlary kabul etmek, karz bermek we bir şäherden başga bir şähere maliýe serişdelerini geçirmek ýaly hyzmatlary ýerine ýetiripdirler. Orta asyrlar Orta asyrlarda ýerli teňňe ulgamlarynyň dürlüligi sebäpli, teňňe çalyşýanlaryň işi giňden ýaýrapdyr. Soňra olar maliýe serişdelerini saklamak we töleg amallaryny ýerine ýetirmek ýaly işleri hem öz üstüne alyp başlapdyrlar. Teňňe çalyşýanlaryň dükany köplenç bazar meýdançalarynda ýerleşip, olaryň iş stoly ýaşyl matadan düşek bilen örtülipdir. Italiýada teňňe çalyşýanlar kem-kemden "bankir" (banchiere, italýança banco — stol, tekje) diýip atlandyrylyp başlanypdyr. Bankirleriň tölegleri müşderileriň hasaplaryndan biri-biriniň hasabyna geçirmek arkaly amal etmegi iň amatly usul bolup çykypdyr. Bu usul dürli teňňeleri daşamak, bahasyny kesgitlemek we sanamak bilen bagly ähli kynçylyklary aradan aýyrypdyr. Bank işi esasan italiýalylar we ýewreýler tarapyndan alnyp barylypdyr. Bu ýagdaý olaryň orta asyr söwda we ykdysadyýetinde möhüm orun eýelemegine mümkinçilik beripdir. Çeşme[düzet | çeşmäni düzet] This article is a stub. You can help Wikipedia by expanding it. Çeşmesi: "https://tk.wikipedia.org/w/index.php?title=BANK&oldid=260056" Kategoriýa: All stub articlesGizlin kategoriýa: Tüm ownuk makalar Gözleg BANK: Wersiýalaryň arasyndaky tapawut Dil goşuň Mowzuk goş