Poick

This is a cached version of https://tk.wikipedia.org/wiki/Haram from 2/28/2026, 3:26:13 PM.

Haram sahypasynyň çeşmesini gör - Wikipediýa

Aşakdaky sebäp zerarly bu sahypany redaktirlemäge ygtyýaryňyz ýok:

Mazmuna geçiň ← Haram Aşakdaky sebäp zerarly bu sahypany redaktirlemäge ygtyýaryňyz ýok: Your IP address is in a range that has been blocked on all Wikimedia Foundation wikis. The block was made by ‪XXBlackburnXx‬. The reason given is Open proxy/Webhost: See the help page if you are affected. Start of block: 05:37, 4 maý 2025 Expiry of block: 05:37, 4 maý 2027 Your current IP address is 2a03:6f02::fd93. The blocked range is ‪2A03:6F00:0:0:0:0:0:0/29‬. Ýokardaky ähli maglumatlary islän soraglaryňyza goşmagyňyzy haýyş edýäris. If you believe you were blocked by mistake, you can find additional information and instructions in the Stewards Block Wizard. Bu sahypanyň çeşmesini görüp we göçürip bilersiňiz. === [[Zyna]] === Şahsyýete, maşgala we jemgyýete saglyk we ruhy taýdan uly zyýan berýän zynany yslam dini haram edip, uly günä saýypdyr. Kurany Kerim: «Zyna ýakynlaşmaň. Şübhesiz, zyna bozuklykdyr we iň ýaramaz ýoldur», (Isra, 32) aýaty bilen mü'minleri ägälige çagyrýar. Hakyky [[iman]]ly kişi zynadan daş durar. Munuň mysaly sahabalaryň durmuşynda nusga alarlyk ýagdaýda görünýär. Bir gün sahabalardan bir ýaş ýigit Pygamberimiziň huzuryna gelip, zyna etmek üçin rugsat soraýar. Şefkat we merhemet Pygamberi haram meselesinde rugsat soraýan bu ýaş ýigidi öňünde dyzba-dyz oturdýar we soraýar: – Şeýle işiň seniň eneň bilen edilmegini islärmidiň? – Islemezdim. – Hiç kim enesine şeýle bir iş edilmegini islemez. Seniň bir gyzyň bolan bolsa, oňa şeýle edilmegini islärmidiň? – Islemezdim, eý Resulallah. – Hiç kim gyzyna şeýle edilmegini islemez. Bibiň ýa-da daýzaň bilen şeýle işiň edilmegini islärmidiň? – Ýok, islemezdim. – Uýaň bilen biriniň zyna etmegini islärmidiň? – Ýok, asla islemezdim. Pygamberimiz iň soňky aýtmaly zadyny aýdýar: – Hiç kim enesi, gyzy, uýasy, bibisi, daýzasy bilen zyna edilmegini islemez. Seniň zyna etmek isleýäniň biriniň enesi, biriniň gyzy, biriniň uýasy, biriniň daýzasydyr. Soňra Pygamberimiz elini ýaş ýigidiň döşüne goýup: «Allahym, munuň kalbyny tämizle, günälerini bagyşla, namysyny gorap sakla» diýip dileg edýär. Bu doga-dilegden soň, şol sahaba iň arassa, namysjaň ýaş ýigit bolýar. Yslam dini aýalyň ýarym-ýalaňaç gezip, ynsany zyna imrindirmegini, saýry erkekdir aýalyň ikiçäk hylwat ýerde bolmagyny, bozuk niýet bilen birek-biregine bakmagyny gadagan edipdir. Kurany Kerimde: «Eý, Muhammed, mü'min erkeklere nämährem aýallardan nazaryny saklamagy, owrat ýerini ýapmagy, olary zynadan goramagy aýt. Mü'min aýallara-da nazaryny we owrat ýerlerini günäden goramaklygy aýt. Şeýle hem mejbury görünýän ýerlerinden başga zynatlaryny görkezmesinler. Baş ýaglyklaryny ýakalarynyň üstüne atsynlar...», (Nur, 30-31) diýilýär. Pygamberimiz bolsa, «Kim Allaha we ahyret gününe iman edýän bolsa, ýanynda mähremi bolmadyk bir aýal bilen ikiçäk galmasyn. Çünki, şeýle ýagdaýda olaryň üçünjisi şeýtandyr», (Muslim, Tirimizi) diýipdir. Haram. Çeşmesi: "https://tk.wikipedia.org/wiki/Haram" Gözleg Haram sahypasynyň çeşmesini gör Dil goşuň Mowzuk goş